- pes
- 1) Beýik däl, ýeterlik derejede boýy bolmadyk, aşak.∙ Pes öý.2) Tekiz däl, çöket, ýapgyt.∙ Pesden beýge dyrmaşan maşynyň güýçli gürrüldisi eşidildi. (N. Pomma, Egri Egikmez)3) Orta uzynlykdan gysga bolan göwrümi, ululygy kiçi bolan, kelte.∙ Pes boýly, ak sakgal, tokgarak kişi, Gerekli wagtynda dünýäden ötdi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)∙ Eliň abat, aýagyň, işdäň sag, göwräň bir adamdan pes däl. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)4) Orta derejä ýetmedik, ortadan aşak.∙ Baýlygymyz-a pes däldir, şükür, et-ýagymyz, çöregimiz bol. («Edebiýatdan Hirestomatiýa»)5) Köp däl, ujypsyz, az. Edilen işe pes hak tölemek.6) Hil taýdan erbet, kanagatlanarlyk bolmadyk.∙ Gelin, onuň dogry welin, meniň beýleki halylaryn hem hiçbir halydan pes däldir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)7) Abraý, boluş, gylyk-häsiýet, wezipe, düşünje we ş. m. taýdan beýlekilerçe bolmadyk.∙ Men hem olardan pes adam däl. («Tokmak» žurnaly)◊ pes göwünli — seret göwün◊ pese düşmek — Güýç-gurpdan düşmek, gowşamak.∙ Sen öz dostlaryň öňde abraýyňy nähili pese düşüripsiň. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)◊ ýeriň pesi bilen — seret ýer∙ Edil iki gulagymy tutup, ýeriň pesi bilen gaça-gaça zordan öýüme bardym. («Tokmak» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.